Biz hakynda
“Aziýa Ulaglary” hususy kärhanasy 2007-nji ýylda logistika, gümrük taýdan resmileşdirmek we ulag ekspeditorçylyk ugurlary boýunça köp ýyllyk (15 ýyldan gowrak) tejribeleri bolan hünärmenler topary tarapyndan esaslandyryldy.
“Aziýa Ulaglary” hususy kärhanasy, hyzmatlaryň ähli tapgyrlarynda müşderi bilen işleşende iň ýokary ygtybarlylygy we amatlylygy üpjün edýär. Müşderi bilen işleşende kompaniýamyzyň esasy ýörelgesi, halkara ülňülerine esaslanýan ähli talaplary doly ýerine ýetirmek islegidir.
Kärhanamyzymyň maksady, gümrük taýdan resmileşdirmek üçin ýokary hünärli hyzmatlary bermek, müşderilerimiziň uzak möhletli ygtybarly hyzmatdaşy bolmak we bu hyzmatlar üçin bazarda öňdebaryjy orny eýelemek bilen halkara ülňülerine laýyk gelmekdir.
Öz işinde, kärhana hyzmatlaryň hiline ulanylýan halkara ülňüleriniň talaplaryna esaslanýar. Kärhana, hyzmatlarymyzyň hiliniň müşderilerimize we hyzmatdaşlarymyza kanagat getirmegini üpjün etmäge çalyşýar.
Biziň artykmaçlyklarymyz
Ýitilik we operatiwlik
Harytlaryň öz wagtynda eltilmegini üpjün edip, üýtgeýän bazar şertlerine we müşderileriň zerurlyklaryna çalt uýgunlaşyp bileris.
Hyzmatlaryň giň gerimi
Daşamak, saklamak we ýük bilen işlemek üçin hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýäris, bu hyzmaty işewürlik üçin has özüne çekiji edýär.
Ugurlaryň optimizasiýasy
Ulag wagtyny we bahasyny azaldýan gowşuryş ugurlaryny optimizirlemekde uly tejribe.
Tehnologiki innowasiýa
Logistika proseslerini dolandyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalary amaly netijeliligi we berilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyryp biler.
Biziň hyzmatlarymyz
Awtoulag transporty
“Aziýa Ulaglary” hususy kärhanasy Türkmenistanda şeýle hem halkara ýol gatnawy bilen ýük daşamak bilen meşgullanýar.
Biz yükleriň islendik görnüşini, şol sanda awtoulagda gabarasy uly ýüky, şeýle hem agyr we çalt zaýalanýan ýükleri daşaýarys.
Türkmenistanyň içinde we daşary ýurtlarda gabarasy uly ýükleri biz ýörite ulag ulanyp amala aşyrylýarys.
Biz ýüküň eltilmeli wagtyna laýyklykda awtoulagda ýokary hilli ýük daşaýarys hem-de ýükleriň hereketi we ýerleşýän ýeri barada maglumat berýäris.
Howa ulagy
Biz uçarda ýükleri daşamak, gümrük taýdan resmileşdirmek, ýükleri işläp taýýarlamak we ammarda saklamak ýaly ugurlarda dürli hyzmatlary ýerine ýetirýäris. Üpjünçilik zynjyrlaryny strategiki dolandyrmagy üpjün etmek bilen, müşderilerimiziň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrýarys, logistikasyny mümkin boldugyça has netijeli edýäris.
“Aziýa Ulaglary” hususy kärhanasy, Aşgabatdaky howa menziliniň ýük terminalyndan uçar arkaly harytlary daşamak üçin aşakdaky hyzmatlary hödürleýär:
- Export-import ýükleri işläp taýýarlamak
- Sargyt etmek, uçar ýanhatyny resmileşdirmek
- Gümrük taýdan resmileşdirmek (import, eksport, üstaşyr)
- Üstaşyr gümrük düzgüni boýunça ýükleri ýerleşdirmek üçin (ýüklemek, düşürmek, üpjün etmek) ulaglara ýüklemek we düşürmek işleri.
Deňiz ulagy
“Aziýa Ulaglary” hususy kärhanasy Türkmenistanyň portlarynda aşakdaky hyzmatlary hödürleýär:
- Ýükleri işläp taýýarlamak
- Gäminiň agentlik hyzmaty
- Gümrük taýdan resmileşdirmek (import, eksport, üstaşyr)
Demir ýolda ýük daşamak
Demirýol – ýükleri eltmegiň ygtybarly we tygşytly görnüşidir. Ýükleri daşamagyň beýleki görnüşleriniň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Demir ýol ulaglarynyň ulanylmagy harytlary uly göwrümde we uzak aralyklara eltmäge mümkinçilik berýär.
Demirýol arzan bahadan köp dürli we köp görnüşli ýükleri daşamak mümkinçiligi bilen tapawutlanýar. Awtoulagda ýük daşamakdan mümkinçiligi kän, deňizden has çalt we uçarda ýük daşamakdan arzan düşýän mümkinçilikleri bar.
Biz bilen işleşip, aşakdaky hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz:
- Gümrük taýdan resmileşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge kömek
- Ýükleýiş / düşüriş bekedinde resminamalary resmileşdirmek
- Ýüklemek we düşürmek amallaryny guramak
- Demir ýol ulaglary bilen baglanyşykly meseleleri çözmek bilen beket hyzmatlarynyň ähli görnüşi, şol sanda demir ýol ulagyny getirmek
Harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi
Biziň kärhanamyz eksport-import ýükleriniň gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin hyzmatlary üpjün edýär. Biziň kärhanamyzyň Aşgabatda, Balkanabatda, Hazarda, Türkmenbaşyda, Garabogazda, Türkmenabatda şahamçalary bar we olar şu aşakdaky hyzmatlary hödürleýär.
“Aziýa Ulaglary” hususy kärhanasynyň, gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça 12 sany şahadatnamaly hünärmenleri bolup, olar gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär.
Kärhanamyzyň gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmenleri, Türkmenistanda ornaşdyrylan “ASYCUDA World” halkara gümrük maglumat ulgamyny ulanmak üçin gaýýtadan taýýarlyk okuwlaryny geçdiler .
Biz dürli gümrük düzgünleri üçin gümrük taýdan resmileşdirmek hyzmatlaryny üpjün edýäris:
- Eksport
- Wagtlaýyn eksport
- Gaýtadan eksport etmek
- Erkin dolanşyga göýbermek
- Wagtlaýyn import
- Gaýtadan import etmek
- Gümrük ammary
- Harytlary ýok etmek
Üstaşyr ýükleri resmileşdirmek
Üstaşyr gümrük tertibi boýunça Türkmenistanyň gümrük serhedinden daşalýan harytlary we ulaglary ýerleşdirmek “ASYCUDA World” maglumat ulgamy arkaly amala aşyrylýar.
Üstaşyr gümrük rugsadyny almak üçin daşaýjy ýa-da ekspeditor gümrük gullugyna aşakdaky resminamalary tabşyrýar:
- Ulag (daşama) resminamasy (SMR, uçar, demir ýol ýanhaty, ýük daşama kagyzy we ş.m.);
- Söwda resminamasy (hasap-faktura), proforma-faktura)
- Gaplama (ugratma) kagyzlary
- Harytlaryň gelip çykyşy barada şahadatnama (ST-1, ST-2, “A” görnüşiniň şahadatnamalary) ýa-da harytlaryň gelip çykyşyny tassyklaýjy deklarasiýa;
- Gerek bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilen, gümrük serhedinden harytlaryň daşalmagy baradaky çäklendirmeleriň berjaý edilýändigini tassyklaýan rugsatlar, ygtyýarnamalar, şahadatnamalar we (ýa-da) beýleki resminamalar.
Ammar hyzmatlary
Ammaryň bolmagy üpjünçilik zynjyrynyň iň möhüm bölekleriniň biri bolup, ýük akymynyň wagtlaýyn saklanmak üçin hereketiniň islendik tapgyrynda, importa gelen harytlar toplumy pursatyndan başlap, eksport edilip iberilýän wagtyna çenli dowam edýär.
Biziň kärhanamyzyň Aşgabatda (480 inedördül metr) we Türkmenbaşyda (1000 inedördül metr) ýapyk görnüşli ammar jaýlary bar .
Ýükleri ammarda saklamak şu aşaky işleri ýerine ýetirmägä mümkinçilik berýär:
- Agramyny ölçemek
- Wizual gözden geçirmek
- Alynan harytlaryň sanyny hasaplamak
- Soňra anyklamak üçin surata düşürmek
- Seriýa, toplum belgilerini we ş.m. deňeşdirip görmek
- “Turkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň talaplary üçin nusga almak.
Üstünlikli hyzmatdaşlyk
Biziň salgymyz
- 744036, Türkmenistan, Aşgabat, Garaşsyzlyk şaýoly 25, birinji gatynyň 5-nji ofisi
-
+99312 48 03 31
+99312 48 03 32 - asia-info@aziya-ulaglary.com
-
Duşenbe – anna günleri
9:00-18:00