Üstaşyr ýükleri resmileşdirmek

Üstaşyr gümrük tertibi boýunça Türkmenistanyň gümrük serhedinden daşalýan harytlary we ulaglary ýerleşdirmek “ASYCUDA World” maglumat ulgamy arkaly amala aşyrylýar.

Üstaşy gümrük rugsadyny almak üçin daşaýjy ýa-da ekspeditor gümrük gullugyna aşakdaky resminamalary tabşyrýar:

-Ulag (daşama) resminamasy (SMR, uçar, demir ýol ýanhaty, ýük daşama kagyzy we ş.m.);

-Söwda resminamasy (hasap-faktura), proforma-faktura)

-Gaplama (ugratma) kagyzlary

– Harytlaryň gelip çykyşy barada şahadatnama (ST-1, ST-2, “A” görnüşiniň şahadatnamalary) ýa-da harytlaryň gelip çykyşyny tassyklaýjy deklarasiýa;

-Gerek bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilen, gümrük serhedinden harytlaryň daşalmagy baradaky çäklendirmeleriň berjaý edilýändigini tassyklaýan rugsatlar, ygtyýarnamalar, şahadatnamalar we (ýa-da) beýleki resminamalar.

error: Content is protected !!